TEHNOLOGIÝA

Ilkinji seriýaly elektrik awtoulagyny görkezdi

19-njy aprelde Hytaýyň Şanhaý şäherinde açylan awtoulag sergisinde, ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi “Toyota” kompaniýasy özüniň ilkinji seriýaly elektrik awtoulagynyň prezentasiýasyny görkezdi. Bu täze elektrikli awtoulagyň ady “Toyota bZ4X” diýip atlandyrylypdyr. Markanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu elektrik awtoulagy “e-TNGA” platformasynda gurlup, “Subaru” kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülendigi aýdylýar. Elektrikli awtoulagyň içinde adaty rola derek, şturwal görnüşde rol ýerleşdirilipdir we salonyň içinde sanly panel, şeýle hem uly duýgur ekran bilen enjamlaşdyrylypdyr. Elektrik ulagyň tehniki aýratynlyklary barada anyk maglumat berilmeýär. “Toyota” kompaniýasy elektrik awtoulagynyň seriýa görnüşiniň satuwyny 2022-nji ýylyň ortalarynda başlajakdygyny nygtaýar. Mundan başga-da kompaniýa 2025-nji ýyla çenli 15 görnüşli elektrik ulaglarynyň hataryny döretmek meýilleşdirýär. Umuman aýdanyňda, “Toyota” kompaniýasy dört ýylda elektrik ulaglary, wodorod awtoulaglary we gibrid ulaglar ýaly 70 görnüşli ulaglaryny öndürmek isleýär.

 

Hususy ýaşaýyş jaýy ýykylanda onuň öwezi dolmak

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär