JEMGYÝET

Ýyldyz öýüne dolandy

Futbol janköýerlerine-de mälim bolşy ýaly, Ispaniýanyň Madridiniň «Realy» bu ýyl garaşylan oýny orta goýanok. Toparyň Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Gollandiýanyň «Aýaksyndan» ýeňilmegi bilen, ozalky baş tälimçi Santiago Solari wezipesinden boşadyldy. 10 aýlyk arakesmeden soňra, toparyň başyna ýene-de fransiýaly ýyldyz Zineddin Zidan getirildi.

Professional tälimçilik karýerasyna «Realda» başlan Zidan Ispaniýanyň karollyk kluby bilen bassyr üç gezek Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň kubogyna mynasyp bolup, özboluşly rekord goýupdy. Geçen möwsümiň ahyrynda hem Zidanyň, hem-de portugaliýaly Kriştianu Ronaldonyň topardan aýrylmagy janköýerleriň aňynda käbir sowallary döredipdi.

AS neşiriniň ýazmagyna görä, Zidan yzyna dolananda, klubyň prezidenti Florentino Perez oňa üç zady wada berdi. Olaryň ilkinjisi edil 2009-njy ýyldaky ýaly, täze möwsümiň bosagasynda topara azyndan üç sany dünýä ýyldyzyny goşmakdyr. Şeýle hem Zidan topar bilen bagly islendik karary özbaşdak berip biler. Tejribeli tälimçi üçünji bir berlen wada bolsa onuň zähmet haky bilen baglydyr. Ol indi karollyk klubyndan ýylda 16 million ýewro gazanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar