JEMGYÝET

Ýaş maşgalalara ýeňillikli karzlar berler

Türkmenistanyň Prezidenti Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Şol mejlisde ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän kömek goldawlaryň kämilleşdirilmegine degişli möhüm resminama kabul edildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga degişli resminama hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyz bu resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýaş maşgalalara ýyllyk 1 göterimli 3 ýyllyk möhlet bilen 20 müň manat karz serişdeleri berler.

Bu resminamanyň ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemeli.

Related posts

Prokurorlar wezipä bellenildi

vepa

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment