SPORT

Willian “Arsenala” geçdi

Ýarym goragçy Willian “Arsenalyň” oýunçysy boldy. Braziliýaly oýunçy 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol täze toparda 12-nji belgide oýnar.

Ondan öň 32 ýaşly oýunçy Londonyň “Çelsi” toparynda çykyş etdi we şertnamasy tamamlanan soňra, ony uzaltmady. Willianyň “Arsenal”-daky aýlygynyň hepdede 220 müň funt boljakdygy belli boldy.

“Çelsi” toparynda 2013-nji ýyldan bäri oýnap gelýär. “Çelsi” bilen Willian iki gezek Angliýanyň çempiony boldy, Milli kubogy we liganyň kubogyny gazandy, şeýle hem Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Topar üçin 339 oýun oýnady, 63 gezek tapawutlandy we 62 gezek ýardam pasyny geçirdi.

“Arsenal” -a hoş geldiňiz, @ WillianBorges88!-diýip, “Arsenal” özüniň “Twitter” sahypasynda belläp geçdi.

Related posts

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Ýewropa çempionaty ýatda galan pursatlar we sanlar

Tokio-2020: altyn medal ugrunda çekeleşikli bäsdeşlik

Ata Watan Eserleri