DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Jibutiniň ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Jibuti Respublikasynyň daşary işler ministri Mahmud Ali Ýusuf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ministrler iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp geçdiler.

Taraplar şeýle hem 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara Parahatçylyk we ynamyşmak forumyna taýýarlyk görmek barada pikir alyşdylar.

Related posts

Bakanlar Kurulu toplandı: Halk Maslahatı Eylül’de

vepa

Fransiýada yşyklar festiwaly: Köçeler reňkli yşyklar bilen bezeldi

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Şa zenanyna gynanç hatyny iberdi

Ata Watan Eserleri