DÜNÝÄ

Ankarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi.

Geçirilen çärä halkara guramalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna taýýarlyk işleri barada maglumatlar ýetirildi.

Mundan başga-da, tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgy görkezildi hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyny tanyşdyrýan sergi guraldy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy