DÜNÝÄ

Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasy açyldy

Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koýen bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabat şäherinde Ysraýylyň hemişelik ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, düýn agşam Aşgabada gelen Ysraýylyň daşary işler ministri birnäçe duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşan daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy oba hojalygy we suw hojalygy, lukmançylyk we innowasiýa tehnologiýalary pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdi.

 

Related posts

Baýden Ýewropa ýurtlarynda saparda bolar

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan ulag hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Leave a Comment