DÜNÝÄ

Ýylyň adamy ― 16 ýaşly gyz

Şwesiýaly 16 ýaşly gyz, howa özgerişligine garşy göreşiji Greta Tunberg ABŞ-nyň «Time» neşiri tarapyndan «Ýylyň adamy» diýlip yglan edildi. Žurnalyň täze sanynyň baş sahabynda ol Atlantika ummanynyň Portugaliýa kenarynda dik duran görnüşinde ýerleşdirildi. Suratyň gapdalynda bolsa «Ýaşlaryň güýji» diýen ýazgy bar.

Dünýä jemgyeýtçiligi Greta Tunbergi: «Biz, göýä, ertirki gün ýok ýaly ýaşamaly däl, çünki ol bar» diýen sözleri bilen meşhurlyk gazanan 16 ýaşly mekdep okuwçysyna 2019-njy ýyldaky esasy meşhurlyk  şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly geçiren sammitinde eden çykyşyndan soňra geldi. Onuň täsirli çykyşy ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi bilen bagly seslenmeleriň ozalkysyndan has köpelmegine sebäp boldy.

Ýeri gelende aýtsak, «Time» neşiriniň «Ýylyň adamy» sanawynyň ilkinji bäşliginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, HHR-nyň ýolbaşçysy Si Szinpin, Täze Zelandiýanyň Premýer-minstri Jastin Ardern we «Facebook» komapniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg bar.

 

 

Agageldi ITALMAZOW

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi