DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine hat iberildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda Türkmenistana we onuň halkyna hakyky dostluk gatnaşygy üçin hormatyny we minnetdarlygyny beýan edip, türk Lideriniň tiz sagalandygy hem-de Türkiýäniň gülläp ösmegi ugrundaky döwlet işini dowam etdirýändigi baradaky habary ýakymly duýgular bilen kabul edendigini belledi.

“Özü­ňize mahsus bolan ýokary ruhubelentligi­ňiz we maksada okgunlylygy­ňyz bilen, Siz häzirki zamanyň görnükli syýasy işgäri hökmünde bütin dünýäde meşhursy­ňyz. Bu häsiýetleri­ňiziň berk saglygy­ňyz bilen birlikde, mundan beýläk-de halkara parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça Siziň köptaraply işi­ňiz üçin binýat boljakdygyna ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size berk jan saglyk, Türkiýäniň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine parasatly, ýadawsyz işi­ňizde hemaýat bersin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahalkynyň  Başlygy nygtady.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi

Magtymgulynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi

Türkiýede Ýeňiş baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment