JEMGYÝET

Raşid Meredow her ýylky esasy rugsadyna çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize nobatdaky zähmet rugsadyna çykmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz haýyşy kanagatlandyryp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegiň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň üstüne ýüklenýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowyň her ýylky esasy rugsady döwründe onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewiň üstüne ýüklenildi.

Related posts

Türkiýeli aýdymçylar Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Russiýada saparda bolýarlar

Leave a Comment