JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Nepalyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik we çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde ýaşaýan halklaryň ýagty geljegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýetini belledi hem-de onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň bu ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen, şol sanda Aziýa döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady we ýurdumyzyň Nepal bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak boýunça iki ýurduň hem giň mümkinçilikleri bar.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, sungat we döredijilik ugrundaky hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň hem möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Nepal bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça netijeli teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar