JEMGYÝET

Awazada dostluk konserti

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň dabarasy hem-de konserti boldy.

Hazar deňziniň kenarynda deňziň özboluşlylygyny wasp edýän edebi-sazly teatrlaşdyrylan çykyş görkezildi. Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň sergi bölüminde ekologik taýdan arassa we ýokary hilli gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ter gök önümleriň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.

Her ýurduň sergi meýdançasynda şol ýurtlaryň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde çykyşlar hem ýaýbaňlandyryldy.

Konsert  maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň öz ýurtlaryna özboluşly syýahata alyp gidýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Ýerine ýetirilen ajaýyp we şowhunly aýdymlar doganlyk halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyny hem-de sungatyň jebisleşdiriji güýjüni görkezdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys