JEMGYÝET

Diýarymyzyň iň gowy etrabyna baýragy gowşuryldy

Dänew etrabynyň medeniýet öýüniň maslahatlar zalynda 2021-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Dänew etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bäsleşigiň netijeleri 11-nji fewralda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen maglumatlar bilen tanşyp, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň jemleri jemlenende, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş hem-de medeni maksatly desgalaryň gurluşygy ýaly ugurlar boýunça görkezijilere seredildi. Mundan başga-da, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek, medeni dynç alşy guramak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly görkezijiler hem hasaba alyndy.

Milli medeniýetiň we köpasyrlyk däpleriň ruhy siňen baýramçylyk mynasybetli guralan sergide obasenagat toplumynyň gazananlary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen suratkeşleriniňdir heýkeltaraşlarynyň işleri görkezildi.

Bagşy-sazandalaryň çykyşlary, welaýatyň teatrynyň we döredijilik toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly sahna oýunlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

 

Milli Liderimiz Şaýmiýewi we Milleri doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi