JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýylsaýyn özgerýän Diýarymyzda döwlet we halkara derejedäki dürli çäreleriň, toý-baýramlaryň giňden bellenilip geçilýändigini, sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini, ýakynda bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň guralandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan zähmet rugsadynyň öwezini dolmak barada hormatly Prezidentimize ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni goldady.

Ýene-de okaň

Putin bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanda birnäçe kodekslere we kanunlara üýtgetmeler giriziler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar