JEMGYÝET

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalynyň ikinji duşuşygynda Kuweýtiň “Al-Arabi” topary bilen duşuşdy. Bu toparyň arasyndaky birinji duşuşyk 9-njy aprelde Kuweýt döwletinde geçirilipdi. Şol duşuşykda “Al-Arabi” topary 2:0 hasabynda üstün çykypdy.

Şu gün bolsa, bu toparlarynyň jogap duşuşygy geçirildi. Birinji duşuşykda gazanylan netijä garamazdan, “Arkadag” topary özüniň kuweýtli garşydaşyny 3:0 hasabynda utmagy başardy. Merkezi Aziýanyň ýeke-täk “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheriniň “Arkadag” topary oýnuň başyndan bäri turuwbaşdan oňat oýun görkezip ýeňiş gazandy. Ýarym final duşuşygy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda göni ýaýlymda berildi.

Finala çykmagy başaran “Arkadag” toparynyň gollaryny 7-nji we 90+4-nji minutlarda S. Tirkişow hem-de 58-nji minutda A. Annadurdyýew geçirdi.

Duşuşyk Arkadga şäherindäki 10 müň orunlyk döwrebap stadionda geçirildi. Bu duşuşyga ýaponiýaly emin H. Kasahara eminlik etdi.

Şeýlelikde, ilkinji gezke gatnaşýan halkara ýaryşynda finala çykan “Arkadag” toparynyň garşydaşy ýa Kambojanyň ýa-da Indoneziýanyň topary bolar. Final duşuşygy maý aýynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” toparyny gutlady

Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” futbol toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahaty başlady

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň ilçisi: Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygymyzy ösdürýäris

Ata Watan Eserleri