JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “ABŞ-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşar

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler we oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar. Bu barada  Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat iberdi. Şol hatda ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek “ABŞ-Merkezi Aziýa” duşuşygyna çagyrdy.

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, mundan ozal, ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen sammitde duşuşypdy.

Related posts

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

Jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň aýy we günleri

Ata Watan Eserleri