DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystanda metjit gurdy

Türkmenistanyň wekilçilikli topary öňümizdäki hepde Owganystan Yslam Respublikasynda iş saparynda bolup, Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý sebitinde gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada “orient.tm” internet saýty habar berýär.

Birbada 500 adamyň namaz okamaga üçin ähli şertler döredilen metjidiň açylyş dabarasy Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşliginde hem bellenilip geçildi.

Türkmenistan bu metjidiň gurluşygy üçin maliýe serişdelerini bölüp berdi, taslamanyň ýerine ýetirilmegi babatda «Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO» owgan kompaniýasy bilen şertnama baglaşylypdy.

Noýabr aýynyň ortalaryna çenli potratçy bu taslamanyň gurluşygyny doly tamamlap, metjidiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmelidi. Bu metjidiň açylyş dabarasy üçin Türkmenistanyň wekilçilikli topary goňşy ýurda gider.

Türkmenistan owgan döwletine yzygiderli ynsanperwer kömegini berip durýar. Ýakyn wagtda hem ynsanperwer kömeginiň nobatdaky tapgyry iberiler.

 

Related posts

Täjigistanyň Prezidenti Italiýa ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar

Melebaş – ýylyň iň owadan ahalteke bedewi

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammitini geçirmek meýilleşdirilýär