PEÝDALY MASLAHAT

“Türkmenistan” banky: «Bagtyýar nesil» atly möhletli goýumy hödürleýär

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary üçin ýörite açylan «Bagtyýar nesil» atly möhletli goýumy hödürleýär.

«Bagtyýar nesil» möhletli goýumy ýyllyk 9 göterim bilen kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ene-atasy tarapyndan çaga kämillik ýaşyna ýetýänçä möhlete açylýar. Goýuma kabul edilýän pul serişdeleriniň iň az möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedikdir.

Goýuma pul serişdeleri nagt ýa-da aýlyk zähmet haky, pensiýa we döwlet kömek pul tölegleri geçirilýän «Altyn asyr» bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde kabul edilip bilner.

Hormatly raýatlar! «Bagtyýar nesil» möhletli goýumy her bir çaganyň ene-atasy üçin amatlydyr we ygtybarlydyr!

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: +99312 44-02-80; +99312 44-03-04.
Şahamçalarymyzyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri