SPORT

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Ulan-Batorda geçirilýän Aziýa çempionatynda hormat münberine çykdy. “World Boxing” guramasynyň howandarlygynda geçirilen abraýly yklym birinjiliginde watandaşymyz ýokary ussatlygyny görkezdi we sebitiň iň güýçli türgenleriniň arasynda güýçli bäsdeşlik şertlerinde bürünç medal gazandy.

Ýarym final duşuşygynda Islamow Gazagystanyň tejribeli wekili Aýbek Oralbaýdan ýeňildi. Netijä garamazdan, garşydaşy türkmen türgeniniň taýýarlygyna ýokary baha berdi.

Mongoliýada geçirilen Aziýa çempionaty yklymyň dürli ýurtlaryndan takmynan 200 boks ussadyny jemledi.

Döwlet Islamowyň üstünligi milli ýygyndy üçin möhüm gazanç bolup, ýurdumyzyň boks mekdebiniň halkara arenada bäsdeşlige ukyplydygyny tassyklady.

Related posts

Çempionlar ligasynyň ökde tälimçisi

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: ispan toparlary üstün çykdy

Ata Watan Eserleri

“Super Liganyň” täze möwsümi başlaýar