SPORT

Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy

Germaniýaly tälimçi Tomas Tuhel 2025-nji ýyldan Angliýanyň milli ýygyndysyna tälim berer. Bu barada milli ýygyndynyň metbugat gullugy “Х” (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torundan habar berdi.

Angliýanyň Futbol assosiasiýasynyň baş direktory Mark Bullingem Tomas Tuheli milli ýygyndynyň baş tälimçisi hökmünde saýlap alandyklaryny belledi.

– Biz dünýäniň iň güýçli tälimçilerinden Tomas Tuheli saýlap alandygymyz üçin şatdyrys. Şeýle hem Angliýanyň güýçli tälimçilerinden Entoni Barri oňa goldaw berer. Tälimçini saýlamak işini jikme-jik alyp bardyk. Ozalky tälimçi Garet Sautgeýt wezipesini tabşyrandan soňra birnäçe tälimçileri saýladyk we olar bilen gepleşikler geçirdik. Tomas Tuhel özüniň baý tejribesi we maksadaokgunlylygy bilen bizi haýran galdyrdy. Entoni Barri hem Irlandiýanyň, Belgiýanyň we Portugaliýanyň ýygyndylary bilen halkara tejribesine eýe bolan ökde iňlis tälimçisidir – diýip, Mark Bullingem belledi.

Mark Bullingem Tomas we onuň toparynyň 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda oňat netijeler görkezjekdigine ynanýarys diýip belläp geçdi.

51 ýaşyndaky Tomas Tuhel 2024-nji ýylyň maýynda Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň tälimçisi wezipesini tabşyrypdy. Ol mundan ozal, Angliýanyň “Çelsi”, Fransiýanyň “PSŽ”, Germaniýanyň “Borussiýa” we beýleki toparlaryna tälim beripdi.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy