SPORT

Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna ymtylýar

Özbegistan Respublikasynyň futbol boýunça milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin tagalla edýär. Sreçko Katanesiň tälim berýän ýygyndysy saýlama tapgyrynda öz toparçasynda Eýran bilen birinji orunda barýar. 3 tapgyrda 7 utuk jemlän Özbegistanyň ýygyndysyna öz meýdançasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda üstün çykmak ýeňil düşmedi.

Özbegistanyň ýygyndysynda Italiýanyň “Roma” toparynda çykyş edýän tejribeli hüjümçisi Eldor Şamuradow hem-de Russiýanyň SSKA toparynda çykyş edýän ýaş futbolçysy Abbosbek Faýzullaýew çykyş edýär. Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysyna bolsa, portulag tälimçi Paulu Bentu tälim berýär.

Duşuşygyň 75-nji minutynda emin BAE derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Bu 11 metrlik jeirme urgusyny Saud Arabystanynyň “Al-Feýhi” toparynda çykyş edýän, ozal italýan tälimçi Andrea Pirlonyň tälimçilik eden Türkiýäniň “Fatih Karagümrük” toparynda oýnan Otabek Şukurow dürs ýerine ýetirdi we ýygyndysynda ýeňil bolmadyk ýeňşi getirdi.

Saýlama tapgyrynyň ahyryna çenli Özbegistan ýene-de 6 duşuşyk geçirer. Öňde Katar bilen 2 duşuşyk, Eýran we BAE bilen myhmançylykda oýnalar. Özbegistana kyn duşuşyklar garaşýar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: Germaniýa Kýurasaony 7:1 hasabynda utdy

Jastin Geýj Ak tamda Iliýa Topuriýany ýeňip, UFC-niň ýeňil agram derejeli çempiony boldy

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy