SPORT

Güýçli futbolçylar täze topar gözleýär

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary düzüminde oýnaýan fransuz futbolçy Pol Pogbanyň gidýändigini mälim etdi. Şeýle hem bu toparyň düzümindäki Jessi Lingard hem başga topara geçýär.

Mundan başga-da, Ispaniýanyň “Real Madrid” topary öz düzümindäki Garet Beýliň hem-de Iskonyň gidýandigini mälim etdi.

Şol bir wagtda “Barselona” bilen “Mançester Ýunaýted” topary de Ýonguň iňlis toparyna geçmegi üçin gepleşikler geçirýär. Ispan topary öz futbolçysy üçin 85 million ýewro talap edýär.

Pol Pogbanyň şu ýylyň iýunynda topary bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti tamamlanýar. Iňlis topary 29 ýaşyndaky ýarym goragçy bilen şertnamanyň möhletini uzaltmagy göz öňünde tutmaýar. Pogba bu topara 2016-njy ýylda “Ýuwentus” toparyndan geçipdi.

 

Messiniň milli ýygyndy bilen 2-nji kubogy

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy