SPORT

“Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Italiýanyň Kubogyny ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Rim şäherindäki “Olimpiko” şäherinde geçirilen duşuşykda “Ýuwentus” bilen “Atalanta” toparlary duşuşdy. Fabio Mareskonyň eminlik eden duşuşygynda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň Kubogyny eýeledi.

“Ýuwentus” topary soňky 3 ýylda ilkinji gezek bu arzyly kubogyň eýesi boldy. Massimiliano Allegriniň tälimçiligindäki topara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 4-nji minutda Duşan Wlahowiç öz adyna ýazdyrdy.

Turin şäheriniň topary 15-nji gezek bu kubogy eýeläp, bu ugurda öňdebaryjydyr. “Roma” we “Inter” toparlary 9 gezek Italiýanyň kubogyny eýeläpdi.

Soňky gezek “Ýuwentus” topary Italiýanyň Kubogyny 2021-nji ýylda eýelemegi başarypdy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy