SPORT

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Ýewropanyň futbol assosiasiýasynyň geňeşi (UEFA) bilen Amerikanyň futbol çempionaty (MLS) bilelikde täze futbol ýaryşyny döretmegi meýilleşdirýär.

“The Guardian” neşiriniň habar bermegine görä, täze ýaryşyň UEFA-nyň Superkubok ýaryşyna alternatiw bir ýaryş bolmagyna garaşylýar. Täze ýaryşa Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň, Konferensiýa ligasynyň ýeňijileri hem-de MLS çempionatynyň iň gowy toparlary gatnaşar.

Neşiriň habar bermegine görä, bu mesele UEFA-nyň Baş Assambleýasynda ara alnyp maslahatlaşylar. Baş Assambleýa 22-23-nji sentýabrda Stambulda geçiriler.

Bu ýaryşy ýene-de 2 ýyldna geçirmek meýilleşdirýär.

Related posts

Türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar

Aşgabatda geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşyň petekleri satylyp başlandy

Ýylyň ökde futbolçylary

Leave a Comment