SPORT

Saud Arabystanyda Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy ýaryşy geçirilýär

Şu gün Saud Arabystanyda Ispaniýanyň Naýbaşy kubogyny, ýagny Superkubogyny gazanmak ugrunda ýaryşyň çäklerinde duşuşyklar geçiriler. Şonuň çäklerinde Madrid derbisi oýnandy. Onda “Real Madrid” bilen “Atletiko Madrid” toparlary duşuşdy.

Duşuşyk 5:3 hasabynda “Realyň” peýdasyna tamamlandy. “Real” topary duşuşygyň 78-nji minutynda derwezesinden 3-nji pökgüni geçirdip, ýeňilip barýardy. Ýöne 85-nji minutda Karwahal hasaby deňledi.

Duşuşyga goşulan goşmaça wagtda “Real” topary 116-njy minutda Stefan Sawiç öz derwezesine geçiren goly hem-de 120-nji minutda Braim Diasyň goly bilen hasaby 5:3-e getirdi.

Şeýlelikde, “Real” topary bassyr 3-nji gezek Ispaniýanyň Naýbaşy kubogynda finala çykdy.

Onuň finaldaky garşydaşy şu gün belli bolar. Belki finalda bu gezek “El Klasiko” derbisini görmek bolar.

Ýarym finalyň beýleki duşuşygynda “Barselona” topary “Osasuna” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi