SPORT

9-njy çempionlygyny yglan etdi

Täjigistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynda “Halton-Istiklol” toparlary duşuşdylar. Duşuşyk deňme-deň 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Şeýlelik bilen Duşanbe şäheriniň “Istiklol” topary, ikinji orundan 12 utuk ara tapawudy bilen we ýokary liganyň tamamlanmagyna ýene-de üç tapgyr galandygyna garamazdan, futbol çempionatynyň ýeňijisi diýip yglan edildi.

Bu “Istiklol” toparynyň taryhynda dokuzynjy çempionlygy boldy. Mundan öň topar 2010, 2011, 2014, 2015, 2016, 2017, 2018 we 2019-njy ýyllarda ýeňiji bolmagy başardy diýlip, Täjigistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýerinde gelende aýtsak, ildeşimiz Wahit Orazsähedow hem bu topar bilen özüniň çempionlygyny yglan etdi.

Häzirki wagtda Täjigistan futbol çempionatynyň iň köp gol geçiren oýunçylary:

Manuçehr Jalilow – 13 gol (“Istiklol”topary).

Alişer Jalilow – 12 gol (“Istiklol” topary).

Ilhom Barotow – 12 gol (“Istarawşan” topary).

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri