SPORT

Messi täze toparyna näçe gazandyrdy?

Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messi ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparyna geçip, bu topara 75 million dollar gazandyrdy. Dünýä belli futbolçynyň bu topara geçmegi bilen topara täze maýa goýumlar çekildi.

“Yahoo Sports” neşiriniň habar bermegine görä, “Ares Management Corp” kompaniýasy “Inter Maýami” toparynyň paýnamalarynyň bir bölegini satyn aldy.

Munuň üçin tölenen pul serişdeleri toparyň ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan maksatnamalara gönükdiriler. Şeýle hem stadionyň gurluşygyna sarp ediler.

Messi täze topary bilen 3 duşuşykda oýnap, duşuşyklaryň 3-sinde hem tapawutlanmagy başardy. Bu duşuşyklara tomaşa etmäge gelýänleriň sany hem yzygiderli artýar.

Related posts

Tokio-2020: Türkmen türgeniniň üstünligi suratlarda

Ata Watan Eserleri

Serbiýalylar Ronaldony duruzdy

“Bawariýa” Çempionlar ligasynda rekord goýdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment