SPORT

“Messiniň posasy” ýylyň iň gowy suraty saýlandy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messiniň Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyndan soňra dünýä kubogyny öpen pursatyndaky suraty ýylyň iň gowy suraty saýlandy.

Bu suraty ispan suratçysy Hesus Alwares Oriela surata düşürdi. Onuň bu pursaty elden bermän düşüren suraty ýylyň iň gowy sport suraty hökmünde saýlanypalyndy. “Altyn pökgi” baýragyny 7 gezek eýelän Lionel Messi özüniň arzuwynyň amala aşan pursatlarynda dünýä kubogynyň deňinden geçip barýan wagty düşen sratlary bilen hem meşhurlyk gazandy.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda Argentina Fransiýany ýeňip çempion bolupdy. Bu çempionlyk Messiniň futbol dünýäsiniň arzuwynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Argentin futbolçysy üçin bu pursatlar ýatdan çykmajak pursatlara öwrülip, ol birnäçe gezek dünýä çempionatlaryna yzygiderli gatnaşyp gelip, ahyrsoňy arzyly kubogyň eýesi bolupdy.

Related posts

FIFA-nyň ýolbaşçysy Infantino Aşgabada geldi

Pol Pogba “Monako” topary bilen şertnama baglaşdy

Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygy futbol hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment