SPORT

UEFA-nyň Çempionlar ligasy: “Mançester Siti” we “Leipsig” indiki tapgyra çykdy

Şu gün hem Ýewropanyň we Aziýanyň çäginde Çempionlar ligasynyň duşuşyklary geçiriler. Mälim bolşy ýaly, düýn AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çäklerinde Türkmenistana wekilçilik edýän “Ahal” topary bilen Özbegistanyň “Pahtakor” toparlary duşuşyp, duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Düýn UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çäklerinde 4-nji tapgyryň duşuşyklar geçirildi. Şonuň netijesinde “G” toparçada çykyş edýän Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen Germaniýanyň “Leýpsig” topary indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik aldy.

4-nji tapgyryň çäginde “Mançester Siti” topary Şweýsariýanyň “Ýang Boýz” toparyny 3:0 hasabynda, “Leýpsig” bolsa, “Srwena Zwezda” toparyny 2:1 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, “Mançester Siti” topary 4 duşuşykda 12 utuk, “Leýpsig” bolsa 9 utuk toplady we toparlar indiki tapgyra çykdy.

DÜÝNKI DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI:

“Borussiýa Dortmund” (Germaniýa) – “Nýukasl” (Angliýa): 2-0

“Şahtýor” (Ukraina) – “Barselona” (Ispaniýa): 1-0

“Atletiko Madrid” (İspaniýa) – “Seltik” (Şotlandiýa): 6-0

“Lasio” (İtaliýa) – “Feýenoord” (Niderlandlar): 1-0

“Milan” (İtaliýa) – “PSŽ” (Fransiýa): 2-1

“Mançester Siti” (Angliýa) – “Ýong Boýz” (Şweýsariýa): 3-0

“Srwena Zwezda” (Serbiýa)- “Leýpsig” (Germaniýa): 1-2

“Porto” (Portugaliýa) – “Antwerpen” (Belgiýa): 2-0

Ýene-de okaň

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar