DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri I.Darçiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we mundan beýläk hem geljegi uly bolan giň gerimli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky ýyllarda türkmen-gruzin gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda gurulýandygy hem-de üstünlikli ösýändigi we berkeýändigi bellenildi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty hemmetaraplaýyn ösüşiň, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we giňeltmegiň täze geljegini we mümkinçiliklerini açyp,häzirki döwür üçinwajyplygyny we ýerliklidigini aýdyňtassyklaýandygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ýokary derejede saparlary guramak, şeýle hem ýakyn wagtda Aşgabat şäherinde Daşary işler ministrlikleriň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär