SPORT

Çempionlar ligasy: “Barselonanyň” öňküligi ýok

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda “E”, “F”, “G” ve “H” toparçalarynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Şol duşuşyklarda “Barselona” topary ýene-de ýeňlişe sezewar boldy. Germaniýanyň “Bawariýa” topary bolsa, uly hasap bilen ýeňiş gazandy.

“E” TOPARÇA

Germaniýanyň ägirdi “Bawariýa” topary Ukrainanyň “Dinamo Kiew” toparyny 5:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Robert Lewandowski (2), Serge Gnabri, Leroý Sane we Çopi-Moting tapawutlandy.

“E” toparçanyň beýleki duşuşygynda “Barselona” topary öz mendançasynda Portugaliýanyň “Benfika” toparynda 3:0 hasabynda utuldy. “Benfika” toparyndan Darwin  Nunes (2) we Rafa Silwa tapawutlandy.

Çempionlar ligasynda ilkinji duşuşygynda “Bawariýa” toparyna 3:0 hasabynda ýeňlen “Barsleona” topary bu ýaryşda ilkinji gezek şowsuz netijeler gazanýar we mundan soňky duşuşyklarda tijenmese, indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini ýitirip biler.

“G” TOPARÇA

Bu toparçada Fransiýanyň geçen ýylky çempiony “Lill” topary myhmançylyukda “Zalsburg” toparyna 2:1 hasabynda ýeňildi. “Zalsburg” toparynda 2 goly hem Karim Ademi öz adyna ýazdyran bolsa, “Lill” toparyndan Burak Ýylmaz tapawutlandy.

toparçadaky beýleki duşuşykda “Wolfsburg” topary bilen “Sewilýa” topary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. 

“H” TOPARÇA

Italiýanyň “Ýuwentus” topary Angliýanyň “Çelsi” toparyny 1:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 46-njy minutda Federiko Kiesa öz adyna ýazdyrdy.

Bu toparçadaky beýleki duşuşykda Russiýanyň “Zenit” topary öz meýdançasynda “Malmo” toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi.

 

Çempionlar Ligasy: Ronaldodan 2 sany rekord

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy