BIZNES

Ýewropada gazyň bahasy 1000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçdi. Bu barada habarlar gulluklary “ICE Futures”-iň söwdalaryna salgylanyp habar berdi.

Biržanyň maglumatlaryna görä, oktýabrdaky fýuçersleriň bahasy söwdanyň başynda müň kub metri 1076 dollara bardy. Soňra oktýabrdaky fýuçersleriň bahasy habda Niderlandlardaky TTF-de müň kub metri üçin 1030 dollara ýetdi.

15-nji sentýabrda Ýewropada gazyň müň kub metri üçin bahasy 950 dollara baryp, bir günde dördünji gezek rekord goýdy.

14-nji sentýabrda Milli energetika howpsuzlyk gaznasynyň direktory Konstantin Simonow Ýewropada gazyň bahasynyň müň kub metri üçin 1000 dollara baryp biljekdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Ýewropa çäklerindäki gaz, esasan, howa şertlerine, suwuklandyrylan gazyň ibermeleriniň çäklendirilmegine, ýyladyş möwsüminiň öňüsyrasynda ammarlarda gazyň ýetmezçiligine baglylykda gymmatlaýar. Emma bahalaryň ýokarlanmagyna emeli şertler hem täsir edýär.

 

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi