BIZNES

“VISA” nagt däl töleg ulgamynda Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklip etdi

“VISA” töleg ulgamy, nagt däl tölegleri ösdürmekde Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklip etdi. Bu barada kompaniýanyň hökümetler bilen gatnaşyklar bölüminiň başlygy Žanna Disenbin “Türkmenistan-ABŞ” işewürler forumynda belläp geçdi.

– Biz Türkmenistany nagt däl töleg ulgamyny ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys. Biz sanly hyzmatlardan peýdalanýan müşderilerimiziň sanyny artdyrmak isleýäris. Bu babatda ýokary tehnologiki çözgütleri hödürleýäris. “VISA” töleg ulgamy arkaly tölegleri geçirmek mümkinçiligine garamagy teklip edýäris – diýip, kompaniýanyň wekili belledi.

 

Amerikaly kompaniýalar Türkmenistanda 3,3 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirýär

Related posts

Türkmenistanyň Söwda öýi türkmen-tatar söwda gatnaşyklaryny ösdürer

“Hugo Boss” markasynyň taryhy

Täze banknotlar dolanyşyga goýberildi