SPORT

Ronaldo täze rekordyna golaýlaýar

Italiýanyň “Seriýa A” çempionatynyň 11-nji tapgyrynda “Genoa” futbol topary öz meýdançasynda “Ýuwentus” futbol toparyny kabul etdi. Bu duşuşykda “Ýuwentus” futbol topary 1-3 hasabynda üstün çykdy. Meýdançada iki gol geçiren dünýä belli oýunçy Kristiano Ronaldo, futbol taryhynda iň gowy oýunçy bolmak maksadyna bir ädim golaýlady. Taryhda iň köp gol geçirenleriň sanawynda üçünji orny eýelän Ronaldo, iň ýokary derejä ýetmek üçin bary-ýogy 6 gol geçirmeli.

Häzirki wagtda bu görkeziji babatda birinji orunda 759 goly bilen Ýozefa Bisana, ikinji orunda 757 goly bilen Pele, üçünji orunda 754 goly bilen Ronaldo barýar. Şeýle hem Ronaldo bu 6 goly geçirse, resmi oýunlarda iň köp gol geçiren oýunçy hökmünde taryha girer. Şol bir wagtyň özünde Ronaldo 2000-nji ýyllarda 5 ýokary ligada 400 ýeňiş gazanan ilkinji oýunçy hasaplanylýar. 2020-nji ýylda bolsa özüniň 42-nji pökgüsini tora girizmegi başardy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi