SPORT

“Spartak” toparyna italiýaly tälimçi bellendi

Russiýanyň abraýly toparlarynyň biri hasaplanýan “Spartak” topary golaýda özüniň tälimçisi wezipesinden boşatdy. Toparyň täze tälimçisi wezipesinde italiýaly Paolo Wanoli bellendi. Ol belle italýan tälimçisi Antonio Konteniň kömekçisi bolup işläpdir.

Italýan tälimçi Paolo Wanoli ýylda 1,5 million ýewro gazanar. Ol “Spartak” toparynyň ýolbaşçysy Leonid Fedunyň ýolbaşçylyk edýän döwründäki 15-nji tälimçi boldy.

49 ýaşly italiýaly bilen 2022/23-nji möwsüm üçin şertnama baglaşyldy. Şeýle hem şertnamada onuň möhletini ýene-de 1 ýyl uzatlmak meýilleşdirilýär/

Paolo Wanoli toparyň portugaliýaly tälimçisi Rui Witoriýanyň ornuna bellendi. Rui Witoriýa 15-nji dekarbda wezipesinden boşadylypdy.

2010-2017-nji ýyllar aralygynda Wanoli Italiýanyň milli ýygyndysynyň ulgamynda zähmet çekdi. Ol milli ýygyndynyň ýaşlar toparyna tälim berdi. Şeýle hem Italiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisiniň kömekçisi boldy.

2017-nji ýylda Paolo Wanoli tälimçi Antonio Konteniň toparyna goşuldy. Onuň bilen “Çelsi” toparyna tälim bermäge kömek etdi.

 

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ döredildi

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy belli bolar

“Arkadag” topary Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşar

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar