JEMGYÝET

Türkmenistan ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň 23-nji mejlisine  hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabad şäherinde geçirilen mejlisde geçen ýylyň iýulynda Astanada geçirilen döwlet Baştutanlarynyň sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine üns berildi. Şeýle hem guramanyň çäklerinde söwda-ykdysady we mednei-ynsanperwer ugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garaldy.

ŞHG-niň mejlisinde Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Belarusyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparo,w Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan, Eýranyň senagatm dag-magdan we söwda ministri Mohammad Atabak, Hindistanyň daşary işler ministri Subramaniýam Jaýşankar, Mongoliýanyň Premýer-ministri Luwsannamsraýn Oýýun-Erdene we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça 8 resminama gol çekildi, şeýle hem ŞHG-niň agza döwletleriniň arasynda “Täze ykdysady dialog” konsepsiýasyny ösdürmegiň çözgüdi kabul edildi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar