SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täjigistan bilen Gazagystan ýolagçy uçar gatnawlaryny artdyrýar

Täjigistan bilen Gazagystanyň awiasiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki işleriniň netijesinde, iki ýurduň arasyndaky ýolagçy uçar gatnawlaryň sany artdyrylýar. Bu barada Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Täjigistanyň “Somon Air” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 25-nji aprelinden başlap, Duşanbe-Almaty ugry boýunça uçar gatnawlaryny hepdede 1-den 2-ä çykarar.

Gazagystanyň “Air Astana” awiakompaniýasy 1-nji maýdan başlap, Duşanbe-Almata ugry boýunça uçar gatnawlaryny hepdede 3-e ýetirmegi, 1-nji iýundan bolsa 4-e çykarmak göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawy hepdede 6 gatnawa ýeter. Uçuşlar sanitariýa we epidemiologiki talaplara we awiakompaniýalaryň web sahypalarynda çap edilen tertibe laýyklykda amala aşyrylar.

 

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi

 

Related posts

Ilon Mask özüniň şäherini gurmagy meýilleşdirýär

Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri