SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Serbiýada daşary ýurtlular üçin hem waksina urulýar

7 million ilaty bolan Serbiýa koronowirus waksinasyny urmak boýunça Ýewropanyň iň öňdebaryjy döwletleriniň biri. Deslapky maglumatlara görä, Serbiýada her 100 adamyň 49-syna waksina uruldy. Bu bolsa Beýik Britaniýadan soňra ikinji orunda diýmekdir.

Ýurduň hökümeti dünýäniň çar ýanyndan waksinalary satyn alýar. Häzir jemi 11 million ölçegde waksina satyn almak boýunça gepleşikler geçirildi. Bu mukdaryň agramly bölegi eýýäm ýurda getirildi.

Şeýle bolansoň, Serbiýa saglygyna gowuşýanlaryň hatarynda öňdäkileriň sanynda. Şonuň üçin Hökümet goňşy döwletlerden meýletinlere waksina urmaga girişdi. Häzirki wagta çenlli Germaniýadan ýüzlerçe adam koronowirusa garşy waksinany Serbiýada urdurdy diýip, metbugat sahypalary ýazýar.

Ýer ýüzüniň çar tarapyndan öndürilen waksinalaryň köp görnüşini satyn alýanlygy üçin daşary ýurtdan gelenlere saýlamaga oňat mümkinçilik döreýär. Şonuň üçin Serbiýada waksina almaga döwtalaplaryň sany barha köpelýär.

 

Ýükleri daşamak işinde sanly ulgam

 

 

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler