SPORT

Saud Arabystany futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge isleg bildirdi

AFK-nyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, Saud Arabystanynyň futbol federasiýasy (SAFF) 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyny özünde kabul etmäge isleg bildirdi.

AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al Halifyň ýolbaşçylygyndaky Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy SAFF-yň bu islegini goldaýandygyny mälim etdi. Ýeri gelende bellesek, geçen gezekki geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty hem Aziýa döwletleriniň biri bolan Katarda üstünlikli guralypdy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Saud Arabystanynyň dünýä birinjiligini geçirmek baradaky bildiren islegini goldamak bilen, munuň diňe bir sebitde däl, eýsemde, Aziýa yklymynda futboluň ösmegine öňyn täsiriniň boljakdygyna ynam bildirýär. Has takygy, dünýä birinjiliginiň AFK-nyň çägine girýän ýurtda geçirilmegi Aziýa yklymynda futboluň ösmegine oňyn şert döreder diýip ynam bildirýär.

Related posts

Her 5 sagatda 3 million dollar gazandyrýar

Ata Watan Eserleri

“Awstraliýa Açyk” çempionatynyň ýeňijisi – Nowak Jokowiç

Şotokan karate: türkmen türgenleri dünýä çempionatynda 72 medal gazandy

Ata Watan Eserleri