JEMGYÝET

Prezident saýlawlary üçin görlen taýýarlyklar: saýlawlar giňden halka ýetiriler

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine we beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Şoňa görä-de:

  • Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda sanly görnüşde onlaýn görkeziler. Göni ýaýlymyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan saýlaw uçastoklaryna optiki-süýümli kabel çekilip, web-kameralar gurnaldy.
  • Şeýle hem ýokary hilli simsiz öýjükli aragatnaşyk, internet, teleradioýaýlymlary we beýlekiler bilen üpjün etmek üçin tehniki aragatnaşyk serişdeleriniň barlag-sazlaýyş işleri geçirildi.
  • Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň, tanymal bagşy-sazandalarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
  • Prezident saýlawlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlar ýurdumyzyň telewideniýesinde we radiosynda göni ýaýlymda halka ýetiriler.
  • Raýatlara söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça çäreler görülýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan saýlaw uçastoklarynda “akylly” zyýansyzlandyryş geçelgelerini gurnamak boýunça işler alnyp barylýar.

 

12-nji mart Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar günüdir

Ýene-de okaň

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi