Nýu-Ýorkdan Londona tizlik rekordy

Beýik Britaniýanyň “British Airways” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary ABş-nyň Nýu-Ýork şäherinden Beýik Britaniýanyň London şäherine çenli aralygy ýokary tizlikde geçip, täze rekordy goýdy.

“The Independent” gazetiniň habar bermegine görä, “Boeing-747” uçary bu aralygy 4 sagat 56 minutda geçipdir. Uçary şeýle aralygy gysga wagtda geçmäge “Kira” apy-tupany kömek edipdir. Uçaryň tizligi sagatda 800 mile (ýagny ortaça sagatda 1200 kilometr) ýetipdir.

Mundan ozalky rekord “Norwegian Air” kompaniýasynyň uçaryna degişlidir. Bu uçar 2018-nji ýylyň ýanwarynda bu aralygy 5 sagat 13 minutda geçipdi. Adaty ýagdaýlarda bu uçar gatnawynyň wagty 6 sagat 13 minuta deňdir. 

“Kira” apy-tupany Beýik Britaniýada köp sanly işe päsgelçilik döretdi. Ýurtda jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnaw tertibinde näsazlykly ýüze çykdy. Köp sanly uçar we otly gatnawlary saklandy. Sport çäreler ýatyryldy. Ýurduň käbir ýerlerden şemalyň tizligi sagat 150 kilometre deň boldy.

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II bu apy-tupan sebäpli özüniň däp bolan dynç gündäki ybadathana gullugyny ýatyrdy.

Related posts

Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin halkara informatika internet olimpiadasy geçiriler

TOPH-yň ilkinji bölegi boýunça Owganystana gaz iberilişi 2027-nji ýylda başlanar

Türkmenistan we Ýewropanyň energetika jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Ata Watan Eserleri

Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

Ata Watan Eserleri

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistana 12 milliard dollardan gowrak maýa goýdy

«Dragon Oil» kompaniýasy Türkmenistanda 12 milliard dollar maýa goýdy

Gruziýanyň Premýer-ministri: Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Zenan futbol toparlarynyň ilkinji dünýä çempionaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Atletiko Madrid” topary gazak futbolynyň ösüşine goşant goşýar

Rustam Minnihanowdan Türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

ILKINJI

Öwezmyrat Ýerbendi halypany ýatlap…

Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisiniň Hyrat şäherine çenli böleginiň gurluşygy 80%-e golaý tamamlandy

Gyrgyzystan Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

OGT 2026: Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Merkezi Aziýa-Gruziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

SOCAR kompaniýasynyň wekili Nusrat Alyýew bilen söhbetdeşlik