Jeki Çandan million ýuanlyk baýrak

Dünýä belli hytaýly kino aktýor Jeki Çan Hytaýda dörän täze wirusa garşy derman serişdesini oýlap tapan adama 1 million ýuan (197 müň dollar) möçberinde pul baýragyny berjekdigini mälim etdi. Bu barada “The Straits Times” gazeti habar berýär.

– ylym we tehnologiýa wirusa garşy göreşmekde möhüm rol oýnaýar. Men ýaly, adamlar hem gysga wagtda bu wirusa garşy dermanyň tapyljakdygyna ynanýar. Bu dermany oýlap tapan kim bolsa-da, isle adam ýa-da gurama bolsun, şoňa minnetdarlyk hökmünde 1 million ýuan pul baýragyny bermek isleýärin – diýip, Jeki Çan “Weibo” atly jemgyýetçilik torundaky hasabyndan mälim etdi.

Çeki Çanyň baş keşpde surata düşen “Awangard” (“Öňde baryjy”) atly täze filminiň görkezilişi iň soňky pursatda täze wirus sebäpli ýatyrylypdy.

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan bu wirusa resmi taýdan “NCP — “täze koronawirus pnewmoniýa» keseli diýlip at berildi. Hytaý bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurdunda bu wirusa garşy göreş alnyp barylýar. Hytaýyň Maliýe ministrligi bu wirusa garşy göreşmek üçin 71,85 million ýuan (10,26 milliard dollar) möçberinde pul serişdesini bölüp berdi. Pul serişdeleri ähli raýatlaryň saglyk hyzmatlary üçin peýdalanylar.

Related posts

«Arkadag» futbol toparynyň ýeňişli möwsümi

Aşgabatda Bütindünýä çaga güni mynasybetli «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi

Туркменистан и Узбекистан расширяют сотрудничество в сфере управления таможенными рисками

Türkmenistan Müsüre ilçi belledi

Matwiýenko Türkmenistanyň myhmansöýerligine ýokary baha berdi

Milletler ligasy: Ispaniýa Fransiýa bilen duşuşar

Rimde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy we halkara hukugyň ösüşi» atly maslahat geçirildi

Aşgabatda hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy üçin göçme söwda nokatlary gurnalar

Türkmenistanyň täze başlangyjy BMG-niň Baş Assambleýasynyň biragyzdan goldawyna eýe boldy

Arkadag şäherinde “Arzuw ganatlary” atly dabara geçirildi

Aşgabat halkara ulag we telekommunikasiýa forumlarynyň geçirilmegine taýýarlanýar

Oguljahan Atabaýewa Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guralan çäre gatnaşdy

21-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystanyň Kurultaýynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Russiýa parlamentara dostluk toparynyň iş Meýilnamasyna gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi Monakonyň Milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Monako Knýazlygynyň Daşary gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşdy