SPORT

Maradonanyň futbol köýnekçesi satylýar

Dünýä belli futbolçy Diego Armando Maradonanyň futbol duşuşygynda geýen futbol köýnekçesi satylýar. Onuň bahasy 5 million dollara deňdir. Şol futbol köýnekçesinde Maradona taryhda ýatdan çykmajak goly geçirdi. Şol gol soňlugy bilen “Taňrynyň eli” ady bilen meşhurlyk gazandy.

Bu futbol köýnekçesi “Sotheby’s” söwda öýünde satylar. Adatça, futbolçylaryň futbol duşuşygyndan soňra futbol köýnekçelerini biri-birine bermek ýaly asylly däbi bar. 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Angliýa Argentinadan ýeňlenden soňra, iňlis futbolçy Stiw Hodj gaharlanypdy. Ýöne onuň keýpini Maradonanyň köýnekçesi göteripdi.

36 ýyldan soňra, şol köýnekçe oňa köp möçberde pul getirjekdigini kim bilipdi. “Sotheby’s” söwda öýünde bu köýnekçeniň bahasynyň 5 million dollardan hem geçmegi mümkin.

Ady rowaýata öwrülen Maradonanyň futbol köýnekçesi 20-nji aprelde satylyp başlanar.

 

Russiýa 70 sany ýolagçy uçar öndürer

 

 

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder