DÜNÝÄ

Magtymgulynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň  2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň eýeleýän möhüm ornunyň hem-de ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatoryna ynanç hatyny gowşurdy

Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň ilçisi işe başlady

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda telefon söhbetdeşligi