DÜNÝÄ

Ermenistanda Türkmenistanyň söwda öýüniň açylar

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti K.Iwanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ermeni bazarynda “Made in Turkmenistan” ýazgysy bolan türkmen senagat önümlerine gyzyklanmanyň ýokarlanýandygy bellenildi we iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň sanawyny baýlaşdyrmaga taraplaryň taýýardygy beýan edildi we bu ugurda Karen Iwanow Ermenistanda Türkmenistanyň söwda öýüniň açylmagyny goldaýandygyny aýtdy.

Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti, şeýle hem, Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasynyň meselelerini we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy