SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Ýaponiýa syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) prezidenti Kuniharu Ebina bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýahatçylyk ugry boýunça özara pikir alyşdylar.

Ilçiniň bellemegine göra, biziň ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we bu ugurda gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär, şunda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýahatçylyk boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir.

Taraplar türkmen we ýapon syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda alyş-çalyş okuw maksatnamalarynyň ähmiýetini bellediler.

Related posts

Günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw

Dr.Döwran Orazgylyjov

2 günde 35 müň rus syýahatçysy Antalýada

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň içerki gatnawlarynyň täze rejesi