SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy 4-nji sanjym

Ýaponiýanyň hökümeti “Kowid-19” ýokanjyna garşy göreşiň çäginde sanjymyň 4-nji dozasynyň urulmagyna başlady.

Ýurduň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligi 3-nji dozany alan we şol sanjymyň üstünden 5 aý geçen adamlar üçin 4-nji doza sanjymyny almagyna rugsat berdi.

Şu nukdaýnazardan, 4-nji doza dowamly saglyk keseli bolan 60 we şondan ýokary hem-de 18-59 ýaş aralygyndaky adamlara sanjym etmek ileri tutulýar.

Ýerli häkimlikler bu maksatnamanyň çäklerinde sanjym biletlerini raýatlara ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alnan ulgamy boýunça berer. Sanjym bolmak isleýän raýatlar şol biletleri bilen ýüz tutup bilerler.

Ýaponiýada bu ýokançlyk bilen 7 milliondan gowrak adam keselledi we 30 müňden gowrak adam aradan çykdy.

Häzirki wagtda ýurtda 90 adam bu kesel bilen baglanyşykly bejergi alýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar