JEMGYÝET

Köp çagaly enelere “Ene mähri” hormatly ady dakyldy

Duşenbe güni ajaýyp baýramçylyk Halkara zenanlar gününi, ýagny 8-nji mart baýramyny dabaraly belläris. Pursatdan peýdalanyp, eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn, diýip hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belläp geçdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdylyp geçildi.

Milli Liderimiz bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli 8 we şondan köp çagaly enelerimiziň uly toparyna “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiz käbir köp çagalary enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek hakynda karar gelnendigini belläp, Aşgabat şäherinde “Ene mähri’ diýen hormatly ada we sylaglara mynasyp bolan enelere sowgatlarynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gowşurylmagyny Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygyna tabşyrdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň açaryny bolsa Aşgabat şäheriniň häkimine şäher häkimliginde gowşurmak tabşyryldy.

Welaýatlarda bolsa sylaglary we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny welaýat häkimlerine gowşurmak tabşyryldy.

20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar