MEDENIÝET

Jony Türkmenistana geldi

Şu günler paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.  Öňňin, 25-nji dekabrda russiýaly estrada aýdymçylary Nýuşa Şuroçkina we Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti Dima Bilan türkmenistanly muşdaklaryna joşgunly aýdym-sazlary bilen lezzet paýlasalar, düýn Türkiýeden gelen meşhur ýerine ýetirijiler Irem Deriji hem-de Mustafa Sandal bu özboluşly sungat baýramçylygyny dowam etdirdiler.

Şu gün bolsa, meşhur rus aýdymçysy Jony türkmen muşdaklaryna öz söýgüli aýdymlaryny ýetirer. Azerbaýjan asylly rus aýdymçy Jony paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde ýaş türkmenistanlylar tarapyndan gül bilen garşylandy.

Ol halkara howa menzilinde eden çykyşynda ilkinji gezek Türkmenistanda bolýandygyny belläp, konsertiň senesi kesgitlenmegi we onuň Täze ýylyň öňüsyrasynda bolmagy özüni has-da begendirendigini belledi.

Şeýle hem Jony ahyry Türkmenistana gelendigini, türkmen muşdaklary bilen bilelikde aýdym aýdyp şatlanjakdygy we özüni ajaýyp duýgularyň gurşap alandygyny belledi.

Türkmenistanda gowy garşy alnandygyny bellän Jony özüni öýünde ýaly duýýandygyny hem belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy