JEMGYÝET

Iň uly howa menzili Hytaýda

Jahanyň dört künjüne syýahat etmek üçin, elbetde, ählimiz howa menzilleriniň hyzmatyndan peýdalanýarys. Dünýä boýunça san-sajaksyz howa menziller gurlup, olaryň birnäçesi dürli aýratynlyklaryna görä has meşhurdyr. Hytaýyň «Beijing Dahing» halkara howa menzili 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça «Ýylyň iň uly howa menzili» diýlip yglan edildi. Ýakynda açylan menzil Pekin şäherinden 40 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy Hytaýyň 70 ýyllyk ýubileýinden bir hepde soňra bolup geçdi. Häzir bu howa menzili synag maksady bilen birnäçe hepdelik ulanmaga berildi. Gurluşygy bäş ýyl dowam eden menzil 18 inedördül mil meýdanda ýerleşýär. Ony gurmak Hytaýyň hökümetine 63 milliard dollara düşdi.

Şeýlelikde, dünýänň iň uly halkara howa menziline degişli rekord täzelendi. Onuň taslamasy 2016-njy ýylda aradan çykan arhitektor zenan Zaha Hadide degişlidir.

Related posts

George W. Bush’tan Türkmenistan’a mektup

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Cumhuriyet üniversitesi YÖS Sınavı 12 Mayısta yapılacak

vepa